Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Taýlandda protest lideri öldürildi


Taýlandyň hökümete garşy protest lideri Bankokda söz sözläp durka atylyp öldürildi.

Piýa Utaýo, Taýlandyň milli polisiýasynyň sözçüsi Sutin Taratiniň ýekşenbe güni, märekäniň içindäki bir awtoulagyň üstünde söz sözläp durka kellesinden tüpeňlenendigini aýtdy.

Saglyk işgärleri ýekşenbe güni bolan protestlerde azyndan 11 adamyň ýaralanandygyny aýtdylar. Bu protestler ýurduň parlament saýlawlaryna bir hepde galanda geçirilýär. Irki ses berişlikler ýekşenbe güni başlandy.

Protestçiler, käbir ýagdaýlarda saýlaw stansiýalarynyň gapysyny zynjyrlap, adamlaryň ses bermekleriniň öňüni almaga çalyşdylar.

Protestçiler premýer-ministr Ýiňlak Şinawatranyň hökümetini korrupsiýada aýyplaýarlar. Premýer-ministriň özi bolsa, ozalky premýer-ministr Taksin Şinawatranyň gurjagy bolmakda aýyplanýar.
XS
SM
MD
LG