Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Atylan protestçi soňky ýoluna ugradyldy


Atylan protestçi soňky ýoluna ugradyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:33 0:00

Atylan protestçi soňky ýoluna ugradyldy

Müňlerçe adam, Kiýewdäki ybadathana toplanyp, geçen hepde Kiýewde polisiýa bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşykda atylyp öldürilen belarus erkegini jaýlamaga gatnaşdy.

Ýekşenbe güni, aýdylmagyna görä, Mihail Žiznewskiniň 26 ýaşy dolmaly eken. Žiznewskiniň doglan gününe gabat gelen ýasa toplanan adamlar ybadathananyň daşyndaky köçäni doldurdylar.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier ýekşenbe güni häkimiýetleri we protestçileri zorlugy bes etmäge çagyrdy hem-de bu krizisden çykmagyň başga ýollarynyň-da bardygyny ýatlatdy:

"Men bu ýerde biziň diňe bir maslahaty berip biljegimize ynanýaryn: Ukrainanyň geljege barýan ýoly zorluk ulanmakda tapylyp bilinmez, ýowuzlygyň haýsy tarapdan geleniniň parhy ýok. Men, ýagdaý her neneňsi kyn bolanda hem, entek syýasy çözgüt üçin mümkinçilik gutarandyr öýtmeýärin."

Şu arada demonstrasiýalar Kiýewde hem, beýleki şäherlerde hem dowam etdirildi.

Gije protestçiler «Ukrain öýüne» hüjüm etdiler. Polisiýa we howpsuzlyk güýçleri bu binany baza edip ulanýardy. Bu jaý Garaşsyzlyk meýdanynyň, hökümete garşy protestçileriň noýabryň aýagyndan bäri toplanýan ýeriniň 100 metr çemesi golaýynda ýerleşýär.

Protestçiler ahyrynda, özleri eýelemezlerinden öň, polisiýanyň bu jaýy boşatmagyna mümkinçilik döretdiler. Bu topar sowet döwründe Leniniň muzeýi bolan jaýy özleriniň metbugat merkezi edinmekçi bolýandyklaryny aýtdy.

"Goşun goşulmaz"

Ukrainanyň goranmak ministri Pawel Lebedew ýekşenbe güni Orsýetiň ITAR-TASS habar gullugyna beren interwýusynda harbylaryň protestçiler bilen polisiýanyň arasyndaky gapma-garşylygy çözmek üçin çagyrylmak ähtimallygyny ret etdi.

Lebedew «goşun öz roluny, funksiýasyny we wizepelerini açyk-aýdyň kesgitleýän ukrain konstitusiýasyna we kanunlaryna berk eýerer» diýdi.

Prezident Wiktor Ýanukowiç şenbe güni oppozisiýa liderleri bilen duşuşyp, krizisi çözmek üçin olara iki sany uly wezipäni teklip etdi.

Ýanukowiç Arseniý Ýatsenýuga premýer-ministrligi, Witaliý Kliçko bolsa, premýer-ministriň gumanitar meseleler boýunça orunbasarlygyny teklip etdi.

Ýatsenýuk we Kliçko bu wezipeleri almaga razy bolmady. Emma olar oppozisiýa liderleriniň Ýanukowiç bilen gepleşikleri dowam etdirjekdigini, indiki duşuşygyň 31-nji ýanwara bellenendigini aýtdylar.

Protestçiler günbatar Ukrainanyň, şol sanda Lwowyň, Rownonyň, Ternopolyň, Hmelnitskiniň regional adminstrasiýa ofislerini eýelediler.

Lwowda protestçiler penşenbe güni regional gubernatory işden çekilmäge mejbur edenlerinden soň, anna güni regional adminstrasiýanyň gapysyny baglap, işgärleri içerik goýbermediler.
XS
SM
MD
LG