Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sagdyn durmuş näme?


Türkmenabat şäherinde geçirilen "Saglyk hepdeligi" döwründe ýaşlar sport maşyklaryny ýerine ýetirýärler.
Türkmenabat şäherinde geçirilen "Saglyk hepdeligi" döwründe ýaşlar sport maşyklaryny ýerine ýetirýärler.
Türkmenistan sagdyn durmuş obrazynyň propagandasyny güýçlendirýär. Munuň üçin ýurtda ýörite kanun binýady döredilipdir.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda sagdyn durmuşyň propagandasy we sagdyn durmuşyň düýbüniň tutulmagy, raýatlaryň öz saglygyny we töwerek daşyndaky adamlaryň saglygyny saklamaga hem berkitmäge jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy “Raýatlaryň saglygyny saklamak baradaky” kanunda kesgitlenýär.

Şeýle-de “Türkmenistanda 2011-2010-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak boýunça milli programmada” we “Bilim baradaky” kanunda sagdyn durmuş üçin şertleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Ýakynda Türkmenistanyň “Ýaşlar syýasaty barada” kanunyna hem ýaşlary sagdyn durmuşa çekmek üçin ýörite kanun düzgünleriniň girizilendigi we bu barada kanunyň 31-nji maddasynda doly maglumat berilýändigi resmi maglumatlarda habar berildi.

Eýsem sagdyn durmuş siz üçin nämäni aňladýar?

Sagdyn durmuşda ýaşamak üçin nähili şertleriň bolmaly?

Sagdyn durmuşda ýaşamak üçin sizde mümkinçilik barmy?
XS
SM
MD
LG