Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku: Ýaş bloger tussag edildi


Azerbaýjanda ýaş oppozision aktiwist we bloger neşe bilen bagly aýyplamalar esasynda üç aýlyk tussag astyna alyndy. “Aksin” atly ýaşlar hereketiniň esaslandyryjylarynyň biri we “Graždan raýdaşlygy partiýasynyň” aktiw agzasy 19 ýaşly Omar Mammadow anna güni ýitim bolupdy.

“Aksin” partiýasy Mammadowyň polisiýa tarapyndan tussag edilendigi we neşe saklamakda aýyplanýandygy barada geçen dynç günlerinde yglan edipdi.
“Graždan raýdaşlygy partiýasynyň” metbugat-wekili Samir Asadli şenbe güni Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolup, Bakunyň Nasimi etrabynyň sudunyň derňewler geçirilýänçä Mammadowy üç aýlap tussaglykda saklamak barada perman çykarandygyny aýtdy.

Mammadow günäli tapylsa oňa üç ýyllyk türme tussaglygy garaşýar. Onuň dostlary we garyndaşlary aýyplamalaryň syýasy sebäpler bilen baglydygyny aýdýarlar. Mammadow öz bloglarynda Azerbeýjanyň häkimiýetlerini berk tankyt etmegi we ýaňsylamagy bilen tanalýar.
XS
SM
MD
LG