Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan: Juraýewiň ýanyna adam goýberildi


20 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilen oppozision syýasatçynyň ýanyna barmaga rugsat alan özbegistanly adam hukuklaryny goraýjy tussagyň fiziki ýagdaýynyň özünde erbet täsir galdyrandygyny aýtdy.

Surat Ikramowyň ýekşenbe güni AÝ/AR-na aýtmagyna görä, häkimiýetler oňa geçen dynç günlerinde öňki kanun çykaryjy tussaglykda saklanýan Murod Juraýewiň ýanyna baryp görmäge rugsat beripdirler. Ikramow 61 ýaşly Juraýewiň has garry görünýändigini, onuň dişiniň ýokdugyny we onuň tapdan düşen adam bolup görünýändigini gürrüň berdi. Juraýewiň aýaly Holbeka Juraýewa öz adamsynyň saglygyna aladalanma bildirip bu barada köpçülige habar beripdi.

Murod Juraew 1994-nji ýylda hökümeti agdarmakda aýyplanyp tussag edilip, 1995-nji ýylda 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň ýaranlary Juraýewe garşy gozgalan işiň syýasy sebäpler bilen baglydygyny aýdýarlar. Juraýewiň tussag möhleti ençeme sapar uzaldylypdy, bu onuň türme düzgünlerini bozmagy bilen düşündirilipdi. Juraýewiň 2016-njy ýylda türmeden boşadylmagy göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG