Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: 37 tussag boşadylýar


Owgan häkimiýetleri ABŞ-nyň daşary ýurtlylara we hökümet goşunlaryna hüjüm etmekde günäli diýip, hasap edýän 37 tussagy goýbermek barada karara gelendigini aýdýarlar.

Kabulyň daşynda ýerleşýän Parwan tussag merkezinde saklanýan tussaglaryň işine garaýan hökümet komitetiniň agzasy Abdul Şukur Dadras 37 tussagyň günäsi barada subutnamalaryň az bolmagy sebäpli olaryň tussaglykdan goýberilýändigini aýtdy.

ABŞ-nyň Owganystandaky harbylary tussaglaryň boşadylmagyny ýazgardylar we olary “elini gana batyran söweşijiler” diýip atlandyrdylar.

Bagram howa bazasynyň golaýynda ýerleşýän Parwan türmesi 2013-nji ýylda owgan häkimiýetlerine tabşyrylmanka “Talyban” hereketiniň söweşijileri bolmakda aýyplanýan we günbatar goşunlary tarapyndan tussag edilen bendileriň saklanýan esasy ýeri bolupdy.

Hökümet resmisi Dadrasyň aýtmagyna görä, 37 tussag indiki iki hepdäniň dowamynda boşadylar, häzir ýene 51 adamyň işine garalýar. Tussaglaryň boşadylmagy Kabulyň we Waşingtonyň arasynda dowam edýän dartgynlylyga goşant goşdy.
XS
SM
MD
LG