Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Protestçiler ýerli häkimlikleri eýeleýärler


Ukrainada polisiýa garşy duran protetçileriň biri

Ukrainada polisiýa garşy duran protetçileriň biri

Ukrainada protestçiler ýurduň dürli sebitlerine ýaýrap, degişli administratiw nokatlary we binalary eýeleýärler. Kähalatlarda bolsa olar prezident Wiktor Ýanukowiçiň wezipä bellän adamlaryny, has takygy ýerli häkimiýetleri wezipeden gitmäge mejbur edýärler.
Aýratynam günbatar Ukrainanyň polisiýa gulluklary protestçilere gaýtawul bermäge çekinýärler. Ýurduň käbir günbatar regionlarynda halkyň saýlan “Ýerli geňeşleri” Ýewromaýdan protestçileriniň goldamagynda kanun taslamalaryny kabul edýärler.
Ýerli geňeşlerde, esasan, oppozisionerler agdyklyk edýärler. Ukrainda ýagdaý birsyhly üýtgäp dur. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy protestçileriň dürli welaýatlarda administratiw dolandyryş nokatlaryny eýeleýşi barada ukrain metbugatyndan jemlän maglumatlaryny size ýetirýär.
Lwow welaýaty:
26-njy ýanwar, ýekşenbe güni, günbatar Ukrainada, has takygy ýurduň Lwow welaýatynda kanunçykaryjylar ýerli dolandyryş edaralaryny dargadyp, welaýatyň çäginde hereket edýän polisiýa işgärlerine, harby edaralaryna we howpsuzlyk gulluklaryna protestçilere garşy güýç ulanmagy gadagan etdiler.

Penşenbe güni, 23-nji ýanwarda “rewolýusiýa” diýip biragyzdan gygyryşýan protestçiler Lwowyň administratiw binasyny eýeläp, prezident Wiktor Ýanukowiçiň wezipä bellän Lwow welaýatynyň häkimi Oleh Salony zor bilen arzasyny ýazdyryp, wezipeden el çekmäge mejbur etdiler.

Şeýle-de protestçiler häkimlik binasynyň töwereginde barrikadalary gurdular we olaryň ýüzlerçesi ol ýeri terk etmän, agzalýan meýdanda galdylar.
Ternopol welaýaty:
Ukrainanyň günbatarynda ýerleşip, Lwow welaýaty bilen araçäkleşýän Ternopol welaýatynda-da protestçiler welaýat häkimliginiň binasyny eýelediler. Polisiýa gulluklary olara güýçli gaýtawul berip bilmedi.
Rowensk welaýaty:
Penşenbe güni, 23-nji ýanwarda Ukrainanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Rowensk welaýatynda takmynan 2000 sany protestçi ýerli dolandyryş binasyny eýelediler. Şondan az salym geçmänkä welaýat häkimi Anatoliý Ýukhimenko arzasyny ýazyp, işden boşady.
Hmelnitsk welaýaty:
Anna güni, 24-nji ýanwarda Rowenskiniň günortasynda ýerleşýän Hmelnisk welaýatynda polisiýa gulluklary bilen çaknyşan protestçiler dartgynly wakadan ýarym sagat soň welaýat häkimligini eýelediler. Ýewromaýdan hereketiniň ýerli wekili Ýuriý Smal bilen gepleşik geçiren welaýat häkimi Wasiliý Ýadukha ylalaşykdan soň arzasyny ýazyp, öz wezipesinden gitdi.
Iwano-Frankowsk welaýaty:
Günbatar Ukrainada ýerleşýän Iwano-Frankowsk welaýatynda, şenbe güni, ýagny 25-nji ýanwarda 4000-e golaý protestçi welaýatyň häkimlik binasyny eýeledi. Anna güni, 24-nji ýanwarda 1000-e golaý protestçi häkimlik binasynyň daşynda durup, welaýatyň häkimi Wasiliý Çudnowdan wezipeden el çekmegi talap etdi. Häzirki maglumatlara görä, Çudnow entek wezipeden gidenok.
Çernowitsk welaýaty:
Anna güni, ýagny 24-nji ýanwarda müňlerçe protestçi Ukraina bilen Rumyniýanyň araçägine golaý ýerde ýerleşýän Çernowitsk welaýatynyň häkimlik binasyna hüjüm etdiler. Olar gürrüňi edilýän welaýatyň häkimi Mihail Papiýewi wezipeden el çekmäge mejbur etdiler.
Winnitsk welaýaty:
Şenbe güni, ýagny 25-nji ýanwarda Ukrainanyň günbatarynda ýerleşýän Winnitsk welaýatynda protestçiler häkimlik binasyny we welaýatdaky parlament binasyny basyp aldylar. Olar binanyň töweregine öz barrikadalaryny gurup polisiýanyň ol ýere golaýlaşmagynyň öňüni aldylar. Ýekşenbe güni, 26-njy ýanwarda welaýat kazysy žurnalistleriň öňünde resmi ýagdaýda wezipeden gidýändigini mälim etdi.
Poltawa welaýaty:
Gündogar Ukrainanyň Poltawa welaýatynda ýerli kanunçykaryjylaryň binasy protestçiler tarapyndan basylyp alyndy. Elleri taýakly demonstrantlar administratiw binanyň içine girip, welaýat häkimi Oleksandr Udowiçenkonyň wezipeden gitmegini talap etdiler.
Žitomir welaýaty:
Kiýewiň günbatarynda ýerleşýän Žitomir welaýatynda müňlerçe protestçiler 23-nji ýanwar güni welaýatyň häkimlik binasyna hüjüm etdiler. Olar şäher häkimi Wolodymir Debo bilen welaýat häkimi Serhiý Rižugy wezipelerini terk etmäge çagyrdylar. Şeýle-de demonstrantlar şäher häkimligi bilen welaýat häkimliginiň arasyndaky köçäni beklediler.
XS
SM
MD
LG