Sepleriň elýeterliligi

Türkmen diplomym bilen....


Türkmenistanda ýokary okuw jaýyny tamamlan talyplara berilýän türkmen diplomy

Türkmenistanda ýokary okuw jaýyny tamamlan talyplara berilýän türkmen diplomy

Garaşsyzlyk ýyllarynda, Türkmenistanda bilim pudagyny öz içine alýan dürli özgerişiklikler bolup geçdi. Ruhnamanyň okuw jaýlarynda esasy sapak hökmünde kabul edilmegi we orta mekdepleriň 9 ýyla peseldilmegi olardan diňe käbirleri.
Şeýlede okuwçylaryň çäreden-çärä gatnadylyp, okuw kitaplarynyň many-mazmun taýdan aşa sýyasylaşdyrylmagy hem agzalýan meselelerden ýene käbirleri. Bu ýagdaýlar, öz nobatynda ýaşlaryň bilim derejesine hem öz täsirini ýetirdi.
Eýsem, orta mekdebi Türkmenistanda tamamlap, ýokary okuw üçin daşary ýurtlara gidýän türkmenistanly ýaşlar biliminiň hili sebäpli nähili tejribeleri başdan geçirýärler? Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky tapgyryny ynha şu tema bagyşlaýarys.
Eger siz hem ýokary okuwyňyzy daşary ýurtlarda dowam etdirýän bolsaňyz, başdan geçiren tejribeleriňizi biziň bilen hem paýlaşyň, öz pikiriňizi aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz. Eger programmamyza gatnaşyp öz pikiriňizi aýtmakçy bolsaňyz, bize hat ýazyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys. Adresimiz: hat@azatradio.org.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG