Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistan: Prezident Umarowyň ölendigini aýtdy


Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrow regionda yslamçylaryň lideri Doku Umarowyň ölidigi baradaky öz garaýyşlaryny ýene-de gaýtalady.

Kadyrow sişenbe güni Orsýetiň “Izwestiýa” gazetinde çap edilen interwýusynda Çeçenistanda iki aý mundan ozal geçirilen howpsuzlyk operasiýalaryň netijesinde Umarowyň ençeme sapar ýaralanandygyny we şol ýaralardan ölendigini aýtdy.

Kadyrowyň aýtmagyna görä, Umarowyň ýogalandygy onuň ýakyn ýarany bilen geçirilen gizlin söhbetdeşlikde tassyklanypdyr. Şeýle-de Kadyrow Umarowyň ýerini eýelär, diýilip çak edilýän Aslambek Wadalowyň dört doganyny mundan birnäçe ýyl ozal öz eli bilen öldürendigini aýtdy. Ramzan Kadyrow Umarowyň ýogalandygy barada dekabr aýynda çykyş edipdi we bu sözlerini şu ýylyň başynda ýene-de gaýtalady.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew geçen hepdede CNN telekanalyna beren interwýusynda takyk subutnamalaryň ýokdugy sebäpli Umarowyň diri, diýilip hasaplanmalydygyny belledi.
XS
SM
MD
LG