Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda guş dümewi ýüze çykdy


Hytaýyň gündogar regionynyň resmileri diri öý guşlarynyň söwdasyny doly gadagan etdiler. Munuň guş dümewiniň H7N9 görnüşi ýokuşan adamlaryň sanynyň artmagy bilen baglydygy aýdylýar.

Sişenbe günki bu habar Hytaýyň täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda peýda boldy. Hytaýyň “Ksinhua” habar agentliginiň maglumatyna görä, wirus Hytaýyň günorta we gündogar regionlarynda azyndan 20 adamyň ölümine sebäp boldy. Hytaýyň 40 günläp dowam edýän täze ýyl baýramçylygy ýurda edilýän syýahatçylygyň iň gyzgalaňly döwri bolýar.

Hong Kongda H7N9 wirusy guşlarda tapylansoň 20 müň towuk öldürildi. Bu towuklar Hytaýdan eksport edilipdi. Hytaýda guş dümewi soňky gezek geçen ýylyň fewral aýynda ýüze çykypdy.
XS
SM
MD
LG