Sepleriň elýeterliligi

Malalanyň kitabyna degişli çäre ýatyryldy


Pakistanyň Peşawar şäheriniň uniwersitetiniň ýolbaşçylary ýetginjek gyz aktiwist Malala Ýusufzaýyň kitaby boýunça dabaranyň ýatyrylmagyny howpsuzlyk sebäpleri bilen düşündirdiler.

Ýewropa Parlamentiniň 2013-nji ýyl boýunça Saharow baýragyna eýe bolan Malala “Talyban” hereketine garşy durmakda halkara simwoly hasaplanýar. Malala Ýusufzaý Pakistanda gyzlaryň bilim almak hukugynyň ugrunda çykyş etmegi sebäpli “Talyban” hereketiniň hüjümine sezewar edilip, agyr ýaralanypdy.

Beýik Britaniýada ýaşaýan Malalanyň Pakistanda öz kitabynyň köpçülige hödürlenmegi boýunça geçirilmegi göz öňünde tutulan we yzýany ýatyrylan dabara gatnaşmajagy aýdylypdy. Noýabr aýynda Pakistanda hususy mekdepleriň birnäçesinde Malala Ýusufzaýyň kitaby gadagan edilipdi, onuň mazmuny “Pakistana garşy, yslama garşy” diýilip atlandyrylypdy.
XS
SM
MD
LG