Sepleriň elýeterliligi

“Saglyk pudagy gaty gowşak”


Oturgyçda oturan türkmen zenany

Oturgyçda oturan türkmen zenany

Ýakynda Türkiýede ýaşaýan bir türkmenistanly ýaş zenan Patma Döwranowanyň üstünlikli operasiýa netijesinde bagry çalşylypdyr. Patma türk metbugatyna beren interwýusynda, çykdaýjysy 80 müň amerikan dollaryna barabardygy aýdylýan bu operasiýanyň mugt edilendigini gürrüň beripdir.

Patmanyň türk metbugatyna beren gürrüňinde ünsi çekýän ýene bir ýagdaý hem bar. Ol Türkmenistanda munuň ýaly agyr operasiýalaryň edilmeýändigini aýdyp, Türkiýede bolmagynyň öz janyny halas edendigini aýdýar.

Bu habardan ugur alyp, Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan, Dünýä Türkmenleri atly ýörite gepleşigimiziň bu sanyny Türkiýede bikanun işleýän türkmen migrantlarynyň saglyk serişdeleri bilen üpjünçiligi we Türkmenistanyň saglyk pudagyna bagyşlady.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG