Sepleriň elýeterliligi

Iki ýarym ýaşyndaky Kerim, ýakynda Russiýanyň Ural şäherindäki keselhanada operasiýa edilenden soň, saglyk ýagdaýy gowulaşyp, indi dünýä ineli bäri ilkinji gezek ädim ädip başlady.
Kerimiň ejesiniň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, 2011-nji ýylda doglan çaga doga maýyp bolup dünýä inipdir. Aýagyndaky süňk näsazlyklary zerarly onuň aýaklary ysmansoň, ol ozal ýöräp bilmändir. Çaganyň ene-atasy onuň bu derdini bejertmek üçin Türkmenistanda lukmandan-lukmana kän gatnapdyrlar.
Aslynda çaga entek enäniň göwresindekä anyklanylmaly kesele, çaga doglansoň, her doktor bir zat diýip, diagnoz goýupdyr. Netijede çaga iki ýaşyna ýetse-de, ýöräp bilmändir. Onsoň ejesi ony Orsýede äkidip, şol ýerde operasiýa etdirýär.
Azatlyk Radiosyna diňe soňky birnäçe aýyň dowamynda gelip gowşan maglumatlardan çen tutulsa, Kerim Türkmenistanda talaba laýyk saglyk bejergisini alyp bilmänsoň, daşary ýurtlarda medisina kömegini, ýagny bejergi alyp, saglygy dikeldilen türkmenistanlylardan biridir.
Ýalňyş diagnoz
Ýigrimi ýedi ýaşlaryndaky zenan Aýna hem ýakynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda öz göwsünde emele gelen çiş zerarly türkmen lukmanlaryna ýüz tutandygyny, emma doktorlaryň öz keseline ýalňyş diagnoz goýandygyny aýdyp, daşary ýurda çykmaly bolandygyny gürrüň berdi.
Aýna şol bejergi sebäpli saglygynyň has-da erbetleşendigini aýdyp, Azatlyk Radiosyna interwýu beren wagty özüniň himiýaterapiýa kursuny alýandygyny aýdypdy.
Aýna öz başdangeçirmeleri hakda Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Men Türkmenistanda doktorlara ýüz tutdum. Olar maňa punksiýa etdiler. Ýagny, göwsüme iňňe sokup, ondan suwuklyk aldylar. Olar barlag geçirenlerinden soň, mende üýtgeşik hiç zadyň ýokdugyny aýdyp, bejergi bellediler. Bejergä ummasyz, dünýäniň puly çykdy. 1,5 aý töweregi bejergi alanymdan soň hem çiş hiç aýrylmady, tersine, ol gatap we ulalalyp başlady. Men başga bir döwlete çykmagy başardym. Men (daşary ýurtda) doktorlara Türkmenistanda geçen barlaglarymy we analizlerimi görkezdim. Olar resminamalary kabul edip, başga goşmaça barlag geçirmezden, operasiýa etdiler. Haçan-da olar şol çişi göwsümden çykaranlarynda, ol ýerde rak ösüntgileriniň bardygy anyklandy”.
“Ýalňyşlyk bilen gepatit C diagnozy goýuldy”
Türkmenistanda lukmanlar tarapyndan ýalňyş diagnoz goýlan türkmenistanlylardan ýene biri hem lebaply, iki çaganyň enesi Umyda. Bu ýaş gelniň aýtmagyna görä, oňa Türkmenistanda iki gezek gepatit C diagnozy goýlup, bu kesel çagaňa-da ýokuşmagy mümkin diýlensoň, ol Türkiýä gaýdypdyr.
Ol Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şol diagnozlardan soň öz janyndan geçendigini, emma çagasyny halas etmek üçin Türkiýedäki lukmanlara ýüz tutmaly bolandygyny aýdýar. Türkiýeli lukmanlar şol diagnozlary ret edip, diňe Umydanyň däl, bu wirusyň onuň çagasynda hem ýokdugyny aýdypdyrlar.
“Sende gepatit C ýok”
Türkmenistanly Umyda öz başdan geçirmeleri barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň beripdi: “Men üç aýlyk göwreli wagtym menden gepatit wirusyny tapdylar. Men oňa ynanman, ýene-de başga bir hassahana analiz tabşyrdym. Ol ýerde hem menden şol gepatit C-ni çykardylar. Maňa aýtdylar: “Çaga-da şol gepatitiň senden geçmegi mümkin. Ony kesmek üsti bilen dogursaň, çaga geçmezligi ähtimal”. Ýöne men kesilmegime razy bolmadym. Men çagam dogulýança garaşdym. Ine, maňa indi şol gepatit C-niň ýagdaýyna görä, dieta, ýagny berhiz tutmaly diýdiler, ähli zady iýmek bolanok. Men çagamdan gorkdum. Şonuň üçin men çagamy Türkiýä alyp geldim, çagamy barlatmaga. Şol çagamy barladamda, özümem barladaýyn diýdim. Bardym hassahana. Mende gepatit C-ni tapmadylar. Bu taýda çagamda-da tapmadylar”.
Türkmen metbugaty
Türkmenistanyň resmi metbugatynda çykýan habarlarda ýurtda saglyk ulgamynda ençeme üstünlikleriň gazanylandygy yzygiderli nygtalyp gelinýär. Olaryň arasynda dünýa standartlaryna gabat gelýändigi aýdylýan saglyk desgalary, ýörite anyklaýyş merkezleri agzalýar. Emma Azatlyk Radiosyna gelip gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, Türkmenistanda bu ugurda edilmeli işiň henizem gaty köpdügini aýtmaga esas bar.
Kerimiň ýagdaýyna dolanyp gelsek, ol Russiýada alan alty aýlyk saglyk bejergisinden soň, häzirki wagt Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki öýlerine dolanyp bardy. Kerim indi ädim ädip, häzirki wagt ýuwaş-ýuwaşdan ýöräp başlady. Kerime saglygyny tapgyrlaýyn bejerenlerinden soň, rus lukmanlary onuň diňe bir ýöremän, eýse geljekde beýleki çagalar ýaly ylgap hem biljekdigini aýdypdyrlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG