Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky “radikal toparlar” kimler?


Ukrainadaky hökümete garşy protestçiler ukrain badagyny galgatýarlar. 27-nji ýanwar, 2013 ý.
Ukrainadaky hökümete garşy protestçiler ukrain badagyny galgatýarlar. 27-nji ýanwar, 2013 ý.
Iki ýyl mundan ozal özleriniň çakdanaşa dartgynly nägilelikleri bilen meşhurlyga eýe bolan ukrain futbol janköýerler toparlary ýewropalylary “Ýewro-2012” ýaryşlaryny boýkot etmäge çagyrypdylar.
Häzirki wagtda Ukrainadaky şol “radikal toparlar” syýasy çärelere gatnaşyp başladylar. Olar ”Ýewromaýdan” protestçileriniň arkasyny alyp, polisiýa gulluklarynyň hüjümlerine gaýtawul berýärler. Şeýle-de, bu gürrüňi edilýän dyzmaç toparlar, halk arasynda “tituşki” diýlip atlandyrylýan we hökümetiň hakynatutma tarapdarlarydygy aýdylýan “galtamanlara” garşy hem göreş alyp barýarlar.
“Azatlyk” partiýasynyň baştutany we oppozisiýanyň lideri Oleh Týahnybok 25-nji ýanwarda giç agşam eden çykyşynda “radikal toparlaryň” bitirýän işlerine ýokary baha berýändigini aýtdy: “Ukraina şöhrat! Men futbol janköýerleri baradaky gürrüňi dowam etjek... Geliň, olaryň bitiren işlerini alkyşlalyň! ”Dnepr Çerkaslary” toparynyň, ”Karpatlar Lwowy” hem-de ”Worskla Poltawa” toparlarynyň futbol janköýerleriniň gahrymançylykly hereketlerini alkyşlalyň. Ynha, şuňa jebislik diýilýär. Ynha, şuňa watansöýüjilik diýilýär!”
Içişip, çekişip adamlar bilen dawalaşyp ýören bu toparlaryň garaşylmadyk ýagdaýda syýasy meselede hyjuwly adamlara öwrülmegi, hakykatdanam, geň galdyrýar.
“Diýdimzorluk äheňli”
Aslynda biziň gürrüňini edýän bu özgerişimiz 21-nji ýanwarda başlanypdy. Şondan bir gün soň hökümet, özüne garşy gidýän demonstrantlary basyp ýatyrmak üçin, “diýdimzorluk äheňli” kanun taslamalaryny kabul etdi. 21-nji ýanwarda “Dinamo Kiýew” futbol klubynyň tarapdarlary ”Maýdan” protestçilerini goramak üçin özleriniň “gorag toparlaryny” döredendigini yglan etdiler.
“Kiýewi satlyk haramzadalardan halas etmek üçin biziň gorag toparymyza goşuljaklara ýüzlenýäris” diýip, futbol janköýerlerinden düzülen topar özüniň ”Vkonataktedäki” sahypasynda ýaýradan beýanatynda aýdýar. Elbetde, bu ýüzlenme “hakynatutmalar” diýilýän “tituşkileriň” degnasyna degen bolsa gerek!
Galyberse-de, beýanatda şeýle diýilýär: “Biz Ýewropa goşulmak üçin köçä çykamyzok. Ýa-da bolmasa biz Ýuliýa [Timoşenko] üçin, Witaliý [Kliçko] üçin, Arseniý [Ýatsenýuk] üçin, ýa-da Oleh [Týahnybok] üçin köçä çykamzok. Biz Orsýete ýa-da orsýetlilere garşy bolmak üçin hem köçä çykamyzok. Biz diňe Kiýew üçin, kiýewliler üçin, öz dogduk topragymyz üçin, öz mertebämiz üçin köçä çykýarys!
Şeýle beýanatdan soň ýurduň üçindäki beýleki “radikal toparlar” hem şuňa meňzeş ýüzlenmeleri ýaýradyp başladylar we göreşe goşuldylar. Gürrüňi edilýän ýagdaýlar diňe bir ”Maýdan” tarapdarlarynyň agdyklyk edýän ýeri bolan Lwow şäherinde däl, eýsem ýurduň Orsýeti, Wiktor Ýanukowiçi we hökümet başyndaky partiýany goldaýan ýerlerinde-de aýdyň görnüp başlady.
“Radikal toparlaryň” işjeňligi ýokarlandy
Gelip gowuşýan habarlardan çen tutsaň, Ukrainanyň Harkow, Donesk, Lugansk we Odessa ýaly şäherlerinde-de “radikal toparlaryň” işjeňligi ýokarlandy. 26-njy ýanwarda Dnepropetrowskide futbol janköýerlerinden düzülen toparlar garaşylmadyk ýagdaýda ”Maýdan” protestçilerine goldaw berdiler. Olar ýerli häkimlik binasyny eýelejek boldular.
YouTube wideo portalynda ýaýradylan bir wideoda “radikal toparlaryň” bir agzasynyň ýaralanyp, protest meýdanyndan alyp çykarylyşy görkezilýär.
“Aşa toparlaryň” protest çärelerine goşulmagy ýurtda şu wagta çenli bolan iň uly özgerişleriň biri diýlip hasaplanýar. Hatda kartada görkezilýän, ”ýewromaýdançylaryň” eýelän ýerlerinde hem “radikal toparlar” aýratyn nyşanjyklar bilen belgilenipdir.
Ukrainada 27-nji ýanwardan bäri eýýäm 17 şäherde “radikal toparlaryň” goldawlary hasaba alyndy.
Ýagdaý şeýle bolsa-da, olar käbir şäherlerde “maýdançylara” kömek üçin däl-de, “tituşkilere”, ýagny, aýdylyşy ýaly, hakynatutma ýalýagylara gahar edip, köçä çykýarlar.
Simforopolda ýerleşýän tauriýaly “radikal toparlar” ÝB bilen integrasiýany goldamaýandyklaryny, ýöne soňky wagtda ukrain raýatlaryna gönüden-göni hüjüm edilmegi bilen ylalaşyp bilmeýändiklerini aýdyp, çykyş etdiler. Olar “Polisiýanyň käbir hökmürowan jenaýatçylary goramak üçin kanunlaryň bozulmagyna ýol açandygyny” aýdyp, bu ýagdaýdan öz nägileliklerini bildirdiler.
Ukrainanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Mariupol şäheriniň futbol komandasy bolan “Iliçýowes” klubynyň janköýerleri özleriniň ýaýradan beýanatynda: “Hemmä aýdyň, adamlar 300 griwen (35 dollar) üçin ýurduny satmasynlar!” diýip belleýär. Şeýle diýmek bilen olaryň halk arasynda “tituşkiler” diýlip tanalýan we hökümetiň “hakynatutmalary” hasaplanýan toparlary ýaňzydýandyklary aýdylýar.
XS
SM
MD
LG