Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul ABŞ şowsuzlygy boýun almaly diýýär


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň metbugat-wekili ABŞ-ny parahatçylyk progressi ugrundaky şowsuzlykda aýyplady.

Aimal Faizi Kabul Waşingtonyň “Owganystanda parahatçylygy gazanmakda şowsuzlyga uçramagyny resmi derejede boýun almagyny isleýär”, diýdi. Faýzi Owganystanda durnuklylygyň bolmagy üçin ABŞ-nyň Pakistana we “Talyban” hereketine has uly basyş etmelidigini belledi.

Faiziniň sişenbe güni "The Washington Post" gazetinde çap bolan bu pikirlerinde Karzaýyň Owganystanda gozgalaňçylaryň edendigi aýdylýan ençeme hüjümleriň aňrysynda ABŞ-nyň durandygyny hasap edýändigi aýdylýar.

Makalada aýdylyşyna görä, Karzaýyň bu şübhesi Owganystanyň ABŞ bilen howpsuzlyk barada ikitaraplaýyn ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyrmagynyň sebäpleriniň biridir.
XS
SM
MD
LG