Sepleriň elýeterliligi

AI: Kýarizowa saglygy bejertmekde päsgel berilýär


“Amnesty International” guramasy öňki türkmen resmisiniň zerur medisina kömeginden mahrum edilýändigini aýtdy. Guramanyň sişenbe güni ýaýradylan beýannamasyna görä, “Türkmen atlary” döwlet assosiasiýasynyň öňki tanymal ýolbaşçysy 63 ýaşly Geldi Kýarizow saglyk taýdan agyr ýagdaýda, ol ýürek agyrysyndan, güýçli gan basyşyndan, gepatitden we artrit keselinden ejir çekýär.

Geldi Kýarizow wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak we ýene birnäçe aýyplamalaryň esasynda bäş ýarym ýyllap türme tussaglygynda saklanypdy.

“Amnesty International” gurmasy häzirki wagtda howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň Kýarizowyň keselhana barmagyna päsgelçilik döredýändigini habar berdi. Gurama Kýarizow medisina kömegini almasa onuň janyna howp abanýandygyny aýdýar.

Kýarizow ýurduň daşynda hem saglygyny bejerip bilmeýär, onuň özüne we maşgala agzalaryna ýurdyň daşyna çykmak gadagan edilýär.
XS
SM
MD
LG