Sepleriň elýeterliligi

“HRW”: Polisiýa geýlere basyş edýär


“HRW” guramasynyň täze hasabatynda Gyrgyzystanyň polisiýasynyň geý we biseksual adamlary urup-ýenjendigi, gorkuzandygy, olardan pul talap edendigi we esassyz tussag edendigi barada habar berilýär.

65 sahypalyk bu hasabat Gyrgyzystanyň dört regionynda 40 sany geý adam bilen geçirilen söhbetdeşliklere esaslanylýar.

“HRW” guramasynyň lesbianlaryň, geýleriň we biseksuallaryň hukuklary boýunça wekili Anna Kireý “Gyrgyzystanda geý we biseksual adamlaryň ýurtda özlerine garşy duýgularyň güýçlenmegi sebäpli gorky astynda ýaşaýandygyny we polisiýanyň aýylganç ýagdaýy hasam erbetleşdirýändigini” belledi.

“HRW” gyrgyz hökümetini hasabatda berilýän ýagdaýlary derňemäge çagyrýar, şeýle-de Gyrgyzystanyň hökümetinden raýatlaryň şikaýat etmegi üçin mehanizmi döretmegi soraýar. Guramanyň aýtmagyna görä, söhbetdeş bolan 40 adamdan diňe ikisi şikaýat edipdir, emma şikaýatlar boýunça jogapkärçilige çekilen bolmandyr. Gyrgyzystanda erkek adamlaryň arasyndaky jynsy gatnaşyklar 1998-nji ýyldan bäri jenaýat hasaplanmaýar.
XS
SM
MD
LG