Sepleriň elýeterliligi

Erdogan Tährana sapar edýär


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Tährana sapar edýär. Onuň iki günüň dowamynda geçirjek gepleşikleriniň ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna, regional meselelere we Siriýadaky konflikte gönükdirilýändigi aýdylýar.

Erdogan Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýi, prezident Hassan Rohani we daşary işler ministri Jawad Zarif bilen gepleşik geçirer. Iki ýurduň arasynda söwda meseleleri boýunça koordinasion geňeşi döretmek boýunça ylalaşyga gol çekilmegine garaşylýar. Geçen ýylda ýurtlaryň özara söwdasynyň möçberi 13.5 milliard dollara barabar bolupdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Marzihe Afkham “dialogyň we gatnaşyklaryň täze bir tapgyra ýetendigini” belledi. Eýranyň we Türkiýäniň arasynda Siriýa boýunça garaýyşlar tapawutlanýar. Ankara siriýaly bosgunlary kabul edýär. Tähran prezident Başar Al-Assady goldaýar. Eýranyň prezidenti Rohaniniň ýakyn aýlarda Türkiýä sapar etjekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG