Sepleriň elýeterliligi

Baku: Ermenistanly tussag edildi


Azerbaýjanyň goranmak ministrligi öz harbylarynyň Ermenistan tarapyndan serheti bozan adamy ele salandygyny aýdýar.

Ministrlik sişenbe güni ýaýradylan bu beýannamasynda ýurtlaryň umumy serhetinde Azerbaýjanyň harbylarynyň we ermenistanly başbozarlar toparynyň arasynda ok atyşygyň bolandygy we şol toparyň ýolbaşçysy 65 ýaşly Mamiko Hodžaianyň tussag edilendigi barada habar berdi. Beýannamada Hodžaianyň ýaragly bolandygy we ok atyşykda ýaralanandygy aýdylýar.

Bu waka Daglyk-Garabag regionynyň üstünde iki ýurduň arasynda dartgynlylygyň güýçlenen wagtyna gabat geldi. Soňky 10 günüň dowamynda azyndan iki azerbaýjanly esger we ykrar edilmedik separatistik regiondan iki adam öldürildi.

Ermeni separatistleri 1990-njy ýyllarda bolan uruşyň dowamynda Daglyk-Garabag regionyny Azerbaýjandan basyp aldylar. Bu konflikte çözgüt tapmak boýunça diplomatik tagallalar netije bermedi, 2013-nji ýylda iki tarapdan 20 çemesi harby wepat boldy.
XS
SM
MD
LG