Sepleriň elýeterliligi

Krawçuk parlamenti jogapkärçilige çagyrdy


Ukrainanyň öňki prezidenti Leonid Krawçuk parlamentiň öňünde çykyş edip ýurduň “graždan urşunyň” bosagasynda durandygyny aýtdy we kanun çykaryjylary doly jogapkärçilik bilen hereket etmäge ündedi.

Postsowet Ukrainanyň ilkinji prezidenti Krawçuk bu çykyşyny parlament agzalarynyň protestleriň dowamynda tussag edilenleri boşatmak meselesini maslahat etmek üçin çarşenbe güni geçiren ýörite sessiýasynda etdi.

Oppozisiýanyň we Ýanukowiçiň “Regionlar partiýasynyň” barlyşyga gelip bilmändigi sebäpli parlamentiň maslahaty yza tesdirildi. Oppozisiýa tussag edilen protestçileriň ählisiniň şert goýulmazdan boşadylmagyny isleýär. Ýanukowiçiň häkimiýet başyndaky partiýasynyň taýýarlanan taslamasynda protestçileriň köçelerden we eýelän häkimiýet edaralaryndan çekilen ýagdaýynda amnistiýanyň geçiriljekdigi aýdylýar. Oppozisiýa bu talaplary ret edýär.

Sişenbe güni Ukrainayň hökümeti wezipesinden çekildi, parlament iki hepde mundan öň kabul eden protestleri çäklendirýän kanuny ýatyrdy.
XS
SM
MD
LG