Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bişkek-Duşenbe: Harbylar serhetden çekilýärler


Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň harbylary iki ýurduň serhedindäki dawaly giňişlikden çekilýärler.

Gyrgyzystanyň Serhet gözegçilik gullugynyň metbugat wekili Gulmira Borubaýewa bu çäräniň gyrgyz-täjik gepleşikleriniň netijesinde goşun çykarmagyň tertibi kesgitlenensoň sişenbe güni gije başlanandygyny aýdy. Borubaýewanyň sözlerine görä, goşunlaryň çekilmeginden soň serhetde ýurtlaryň diňe adaty serhet güýçleri galýarlar.

Merkezi Aziýanyň bu iki goňşy ýurdy Gyrgyzystanyň Batken regionynyň golaýyndaky bu giňişliklere şu aýyň başynda serhetde heläkçilikli atyşyň ýüze çykmagyndan soň goşmaça goşun girizipdi. Atyşykda Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň serhetçileri, şeýle-de bir polisiýa ofiseri ýaralanypdy.

Dartgynlylygyň ýüze çykmagyna Gyrgyzystanyň serhetdäki dawaly giňişlikde ýol gurluşygyna başlamagy sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG