Sepleriň elýeterliligi

Garaňky we ýagty Aşgabat


Aşgabat: Bir tarapy ýagtylyk, beýleki tarapy tümlük

Aşgabat: Bir tarapy ýagtylyk, beýleki tarapy tümlük

Paýtagt Aşgabada gije garaňkyda beýik ýerden syn etseň, şäher ikä bölünýär. Biri gündiz ýaly ýagtylyk, beýlekisi bolsa şäheriň gijäniň garaňkysynda ýitip gidýän bölegi. Bu görnüş şol bir wagtyň özünde Aşgabat we onuň ýaşaýjylary nukdaýnazaryndan hem köp zady aňladýar.
Şäheriň ýagty bölegi - täze gurlan binadyr, ýollary hatda gijelerine boş ýatan gezelenç baglaryny öz içine alýar. Bu, umuman, baý gatlagyň ýaşaýan ýerleri. Şäheriň garaňky bölegi bolsa aglaba sowet döwründen galan jaýlardan ybarat.
Aşgabadyň yşyklandyrylan böleginde, ýagny şäheriň günortasynda gurulýan ýa-da abatlandyrylan köçeleriniň her gapdalynda 10-15 metrden bir setir yşyklandyryş sütünleri dikilen. Her setirde 5-6 sany çyraly sütünler bar.
Arçabil, Köpetdag, Çandybil, Bitaraplyk, Garaşsyzlyk we 10 ýyl abadançylyk prospektleri şol köçelerden diňe käbirleri. Bu köçeleriň gyrasyndan geçýän trotuarlaryň, ýagny ýanýodalaryň we olaryň ugrundaky binalaryň gije yşyklandyrylyşy hem tapawutly.
Çyralar uzyn gije söndürilmeýär

Aşgabadyň Türkmenbaşy şaýolunyň ugry

Aşgabadyň Türkmenbaşy şaýolunyň ugry

Bu ýagdaý şäheriň agzalýan böleginiň diňe köçelerine mahsus däl, hatda gijelerine boş ýatan gezelenç baglaryna hem degişli. Parklarda her 10-15 metrden goýlan sütünleriň üstünde bir däl, dört bäşden çyra bar. Olaryň ählisi hem uzyn gije ýanýar, ertire çenli söndürilmeýär.
Şeýle parklar, baglar hakda aýdylanda, Türkmenbaşy prospektiniň ugrundaky Garaşsyzlyk, Bitaraplygyň 5 ýyllygyna döredilen park, A.Nyýazow propsektiniň ugrundaky Altyn asyr hem-de Garaşsyzlygyň 10 ýyllygyna döredilen parklar barada gürrüň etse bolar.
Emma şäheriň günorta-günbatary ýalpyldap dursa-da, paýtagtyň demirgazygynda ýerleşen ”Hitrowka”, ”Posýolka” ýaly raýonlarynyň köçeleri gijelerine gap-garaňky. Paýtagtyň çetindäki Şor, Garadamak we Çoganly raýonlarynda hem ýagdaý şondan tapawutly däl.
“Sowet döwründen bäri çyralar ýanmaýar”
Bu raýonlardaky köçe çyralarynyň köpüsiniň ýurt garaşsyzlygyny alaly bäri ýanmaýandygyny ”Posýolka” raýonynyň ýaşaýjysy Ilmyrat gürrüň berýär. Onuň aýtmagyna görä, sowet döwründe bu raýonyň her bir köçesinde çyraly sütünler bolupdyr.
“Sowet döwründe toý-tomaşada, ýagdaýy bolan, köçede kino görkezýärdi. Şonda, kino görüp bolar ýaly, çagalar köçe çyralaryny ýaý bilen atyp döwýärdiler. Hatda şonda-da ertesi gün şol çyralary täzeden goýýardylar. Indi bolsa asla seredilenogam” diýip, Ilmyrat ýatlaýar.

Aşakdaky wideoda Aşgabadyň dürli künjeklerinde ýazga düşürilen wideo tomaşa edip bilersiňiz.

Ilmyradyň aýdyşy ýaly, ady agzalan raýonlaryň köçeleriniň köpüsinde çyralar däl, eýsem şol çyralary dakar ýaly sütünler hem ýok. Tümlükde ýaşaýan raýonlaryň ýaşaýjylary bu ýagdaýdan özleriçe çykalga tapypdyrlar.
Çykalga
Olaryň käbirleri tok edarasyna ýüz tutup, öz pullaryna tok geçiriji sütünlere çyra dakdyrýan bolsalar, käbirleri öz ýaşaýan jaýlarynyň tamlarynda ýönekeý lampalary dakyp, öýleriniň töwereklerini yşyklandyrýarlar. Olaryň öýleriniň töwereklerini yşyklandyrmaklarynyň esasy sebäbi ogrulardan goranmak.
“Çyra ýanyp dursa, ogrular birneme ýaýdanýarlar. Ýogsam, gijäniň garaňkysynda howlusyndan zadyny ogurladýanlar az däl. Awtoulagyny howlynyň daşynda goýýanlaram ýörite çyra goýýarlar” diýip, aşgabatly Ilmyrat aýdýar.
Emma ýerli ýaşaýjylaryň aladasy bilen edilýän bu çäreler agzalýan raýonlary tümlükden çykaryp bilmeýär. Şonuň üçin büdür-südür köçeli bu raýonlardan gijesine ýöremek hem kyn. Çoganly, Şor we Garadamak ýaly raýonlarda bolsa gijesine ötegçilere itleriň topulýan halatlary-da seýrek däl.
Aşgabadyň Hitrowka raýonyndaky köçeleriň biri

Aşgabadyň Hitrowka raýonyndaky köçeleriň biri

Özüni Merdan diýip tanadan Çoganlynyň ýaşaýjysy bu barada şeýle diýýär: “Ylaýta-da, Çoganla gije barar ýaly däl. Garaňky köçeleriň haýsysynda itiň topuljakdygyny ýa-da çukura gaçjakdygyňy bilip bolanok. Bu raýona gowy belet bolaýmasaň, gije barar ýaly däl”.
“Hökümet tarapyndan berilýän üns”
Soňky birnäçe ýyl bäri paýtagt Aşgabadyň gijeki yşyklandyrylyşyna hökümet tarapyndan berilýän üns artdy. Ýurt baştutany Aşgabadyň gijeki yşyklandyrylyşy barada paýtagtyň häkimine birnäçe gezek ýörite tabşyryklar hem berdi.
Duşenbe güni geçen göni aragatnaşyk arkaly wideogörnüşli hökümet maslahatynda hem Aşgabadyň häkimi R.Nurmämmedow paýtagtyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda yşyklandyryş ulgamynyň hem sazlaşykly, bökdençsiz işlemegi üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bu hökümet maslahatynda yşyklandyryş barada paýtagtyň haýsy bölegi hakda gürrüň edilendigini aýtmak kyn. Emma paýtagtyň ýarpy bölegi gündizlik ýaly bolsa, beýleki ýarpysy indi ýylyň-ýylyna tümlükde galýar.
Şol bir wagtda toksuzlykdan kösenýän obalar hem az däl. Toksuzlykdan, esasanam, geçen ýylyň gyş aýlarynda Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda ýerleşýän ençeme obalar kösenip, olaryň toklary ençeme günläp ýa düýbünden kesilipdi ýa-da olar tok bilen yzygiderli üpjün edilmändi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG