Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama orta gatlaga üns berýär


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti Barak Obama nobatdaky çykyşynda baýlaryň we garyplaryň arasyndaky emläk tapawudyny azaltmak üçin görülýän “anyk we praktiki çäreler” barada gürrüň etdi.
Sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň bilelikde geçiren ýygnagynda çykyş eden Obama ýurduň ykdysadyýetinde uly özgerişleri geçirmäge taýýarlygyň barýandygyny aýtdy: “Dört ýylyň dowamynda yzygiderli dowam eden ykdysady ösüş netijesinde, ynha bu günki gün korporatiw girdejileriň we aksiýalaryň bahalary gaty gowy ýokarlandy. Ýokardakylaryň ýagdaýy bolsa hiç haçan [häzirkisi ýaly] oňalmandy. Ýöne ortaça aýlyk haklary örän seýrek halatlarda üýtgedi. Deňsizlik gitdigiçe çuňlaşdy. Hemme zatlar oňatlyga tarap barýar diýen döwrümizde-de köpsanly amerikalylar öňküsinden has köp işlemeli bolýar. Şol sanda köpsanly amerikalynyň hem işläre işi ýok”.
Prezident Barak Obama ykdysady ösüşi has hem güýçlendirmek üçin we orta gatlakdaky amerikalylaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin kanunçykaryjylar bilen işleşmäge isleg bildirýändigini hem belledi. Ol: “Amerika hiç haçan şol bir duran ýerinde durmaz. (Ol mydama öser) Meniň özümem şeýle”.
Çykyşynyň dowamynda ol ýene şeýle diýdi: “Meniň bu gün teklip etmekçi bolýan çözgütlerim anyk we praktiki çäreler, olaryň hemmesi ösüşi çaltlandyrmagy we orta gatlagy güýçlendirmegi maksat edinýär. Käbir çäreler Kongres bilen işleşmegi talap edýär. Meniň özüm siziň bilen bilelikde işleşmäge höwes bildirýärin. Diýmek, men kanunçylyga üýtgetmeleri girizmezden mümkinçilikleri giňeltmek ugrunda öz elimden gelen işleri ederin”.
Prezidentiň çykyşyny millionlarça amerikaly telewizion kanallaryň we internetiň üsti bilen diňledi.
“Demokratlar” basyş edýär
”Respublikanlary” baýlary goramakda aýyplaýan ”Demokratlar” Obamanyň ykdysady deňlik we baýlar bilen garyplaryň arasyndaky emläk tapawudyny azaltmak ugrunda tagalla etmegi üçin oňa basyş edýärler.
Obama Birleşen Ştatlarda soňky döwürde rowaçlanýan girdeji deňsizliginiň amerikan iş etikasyna howp salýandygyny aýtdy: “Adamlaryň jynsyna, partiýasyna, ýaşaýan ýerine, baýdygyna ýa-da garypdygyna, ýaşdygyna ýa-da gartaşanlygyna garamazdan, biziň halkymyzy jebisleşdirýän bir düşünje bar, ýagny biz bir zada berk ynanmaly, eger-de sen köp işläp, öz üstüňe jogapkärçilik almagy başarsaň, onda sen öňe gidersiň. Soňky otuz ýylyň dowamynda görlüp-eşdilmedik derejede öňegidişlikleri gazanan tehnologiýa we global bäsdeşlik orta gatlagyň eýe bolup biljek iş orunlaryny aradan aýyrdy, şeýle-de bu ýagdaý köpsanly maşgalalaryň bil baglaýan esaslaryny gowşatdy”.
Prezident Barak Obamanyň çykyşynyň daşary syýasat bilen baglanyşykly esasy temalary Owganystan we Eýran boldy.
Weto
Obama üstümizdäki aýlaryň dowamynda Kongresiň Eýrana täze sanksiýalary girizmegi teklip edýän islendik kanun taslamalaryna weto goýjakdygyny aýtdy. Tähran bilen geçirilýän gepleşikleriň netije bermegi üçin ol şeýle çäreleri makul hasaplaýandygyna ünsi çekdi.
Ýöne, eger-de gepleşikler netije bermese, onda prezidentiň özüniň täze sanksiýalary girizmäge çagyrjakdygyny nygtady.
Şeýle-de Obama 2014-nji ýyldan soň Birleşen Ştatlaryň we NATO goşunlarynyň belli bir kontingentiniň Owganystanda galmak ähtimallygy barada-da gürrüň etdi. Ol öz sözlerinde Owganystanda amerikan esgerleriniň iki sebäpden galjakdygyny aýtdy. Birinji sebäp, türgenleşik; ikinji sebäp bolsa, amerikan harbylarynyň Owganystandaky ýerli howpsuzlyk güýçlerine ýardam bermegi we ”Al-Kaýda” garşy göreşmegi.
Obamanyň çykyşyndan soň ”Respublikanlaryň” efire beren çykyşynda Birleşen Ştatlaryň wekiller palatasynyň agzasy Keti MakMorris Rožers, prezidentiň ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň netijesinde amerikanlaryň indi iş tapmakdan umydyny üzüp, iş gözlemegi bes edendiklerini aýtdy.
MakMorris öz çykyşynda Obamanyň saglyk ulgamyndaky reformalaryny-da tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG