Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çary Nazarow aradan çykdy


Türkmenistanly tanymal lukman Çary Nazarowyň aradan çykandygy barada gynançly habar gowuşdy.

Käri boýunça medisina ylymlarynyň doktory Nazarow Magtymgulynyň döredijiligi hem halk döredijiligi bilen ýakyndan gyzyklanan alymdy.

1945-nji ýylda doglan Çary Nazarowyň soňky ýyllaryny Moskwada geçirendigi aýdylýar. Nazarowyň maşgalasynyň aýtmagyna görä, onuň jesedi sişenbe güni Aşgabada eltilip, jaýlanyş çäresi penşenbe güni Aşgabat wagty bilen sagat 10-da geçirilmeli.
XS
SM
MD
LG