Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Sosial ulgamlaryň logotipleri
Sosial ulgamlaryň logotipleri
Geçen hepdede bolşy ýaly, bu hepde hem türkmen ýaşlary sosial ulgamlardan işjeň peýdalandylar diýere esas bar. Muňa türkmen ýaşlarynyň ”VKontakte”, “Ertir.com”, Facebook we Twitter ýaly sosial ulgamlarda gozgan meseleleri we maslahatlaşan temalary şaýatlyk edýär.
“VKontakte”
“VKontakte” sosial ulgamynda paýlaşylan suratdyr wideolaryň arasynda ünsümi çeken iň esasy tema - “Haýsy repere ses berýärsiňiz?” atly pikir soralyşyk. Sosial ulgamyň “Türkmen sungat älemi” atly topary tarapyndan paýlaşylan bu pikir soralyşykda dört türkmen repçisiniň atlary agzalýar. Olaryň arasynda S Beater, Aragon we Zumer, Syke Dali hem-de Iska ýaly repçiler bar.
27-nji ýanwarda gozgalan bu pikir soralyşyga 30-njy ýanwara çenli jemi 48 sany teswir gelip gowşupdyr. Şeýle-de ol 73 sapar halanyp, 16 gezek hem gaýtadan çap edilipdir.

30-njy ýanwara çenli bu pikir soralyşyga sosial ulgamyň jemi 997 agzasy ses beripdir we onuň soňky netijelerine görä, Iska atly repçi 10,6% ses alyp, dördünji orunda, Zumer atly repçi 18,8% ses alyp, üçünji orunda, Syke Dali atly repçi 33,4% sese eýe bolup, ikinji orunda barýar. Pikir soralyşykda birinji orny 37,2% ses alan S Beater eýeleýär.
Pikir soralyşyga gelip gowşan käbir teswirleri ýatlap geçsek, onda S Beateriň sesleriň iň uly bölegine eýe bolmagy hem sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda diskussiýanyň döremegine sebäp bolupdyr. Azamat Awlýakulyýew atly agza “Näme sebäpdan S Beatere ses berýärsiňiz?” diýip sorapdyr. Bu soraga Ýazly Allaýarow atly agza “Azamat, şondan başgasy aýdyp bilýärmaý?” diýip jogap beripdir.
Bu barada öz pikirini galdyran agzalardan ýene biri Oraz Kulmedow atly agza bolup, ol “Meniň pikirimçe, S Beater [rep] aýdyp bilmeýär, [ol] gaýtalaýar. Aydymlarynyň manysy ýok. Beater diýilýäniň sazlary ogurlyk, öz düzenlerem boş sazlar, sesem bigelşik” diýip, repçi S Beater baradaky garaýyşlaryny beýan edipdir.

Garaz, bu pikir soralyşyk boýunça sosial ulgamyň agzalary agzalýan temadan özleriniň dürli pikirlerini beýan edipdirler.
“Ertir.com”
“Ertir.com” sosial ulgamynda bolsa Punto atly agzanyň gozgan “Jennetde erkeklere hüÿr gyzlar berler diýilýär, onda aýal maşgala näme bar???” atly temasy agzalaryň arasynda uly gyzyklanma döredipdir.
25-nji ýanwarda gozgalan bu tema 30-njy ýanwara çenli 1734 sapar okalypdyr we oňa 76 sany hem teswir gelip gowşupdyr. Ýigrimi dokuz gezek hem halanan bu temada şeýle diýilýär: “Bu mowzugy açmagyma sebäp bolan zat, geçen gezek bir doganymyz “Jennet” barada mowzuk açypdyr we teswirlerde biri sorapdyr: jennetde aýal maşgala kim bilen bolýar diýip, we menem bu barada mowzuk açmagy makul gördüm”.
Umuman, bu tema sosial ulgamyň käbir agzalarynyň arasynda diskussiýanyň döremegine sebäp bolupdyr. Rubah atly biri temany gozgan agza ýüzlenip, “Awtor, seni tankytlaýan, nähili adamlar-eý siz?!” diýip, birneme gaharly sorag berip, soňam öz pikirini şeýle dowam edýär: ”Näme bolgusyz zatlar ýazýarsyñyz? Din barada zat bilýänsiremäňsene... Bu temañy kim bilýä nirden aldyñ”.
MnWsn ady bilen teswir galdyran agza bolsa “Gaty uly temany gaty aňsat görnüşde ýazyp, bärde paýlaşypsyň. Jogabyňam doly däl. Pozsaň has gowy bolar bu temany” diýip, tema özüçe baha kesmäge synanyşypdyr. Umuman, bu tema hem agzalaryň arasynda uly gyzyklanma döredipdir.
“Facebook”
Facebook sosial ulgamynda bolsa “One Turkmen Kitchen”, ýagny “Bir türkmen aşhanasy” atly websahypanyň paýlaşan gurtlary sosial ulgamyň diňe türkmen agzalarynyň arasynda däl, eýse daşary ýurtly agzalaryň arasynda hem uly gyzyklanma döredipdir.
Ýatladyp geçsek, “Bir türkmen aşhanasy” atly websahypada türkmen tagamlary reseptler we suratlar bilen birlikde paýlaşylýar. Bu toparyň 20-nji ýanwarda paýlaşan gurtlaryny sosial ulgamyň 39 agzasy halapdyr.

Olaryň arasynda Jeren Ibragimowa, Çynar Şamedowa, Bahar Ylýasowa we Batyr Gurbanow ýaly agzalar bar. Muhammet Ýazmyradow atly agza bolsa bu temadan “Öýümi küýseýän” diýip, öz dogduk topragyna bolan söýgüsini gysgaça, ýöne hemmelere düşnükli dilde beýan edipdir.
XS
SM
MD
LG