Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Dožd” telekanaly derňew astynda


Sankt Peterburg şäheriniň prokurorlary “Dožd” telekanalynyň Ikinji Jahan uruşynyň dowamynda Leningradyň blokada gabawy barada pikir soraýyşy geçirmek baradaky karary boýunça derňew işine başladylar. Bu pikir soraýyşda tomaşaçylara gabawda saklanan Leningrad şäheri nasistlere berilen bolsa adam pidalarynyň sany has az bolarmydy, diýen sowal berildi.

Prokurorlaryň penşenbe güni aýtmagyna görä, derňew işi bu pikir soraýyşyň uruş weteranlaryna zarba bolandygy barada edilen ýüzlenmeleriň esasynda gozgalypdyr. Leningradyň 900-e golaý günläp dowam eden gabawynyň netijesinde bir milliondan gowrak adam heläk bolupdy. Çarşenbe güni prezident Wladimir Putiniň metbugat wekili “Dožd” telekanalynyň “mümkin bolan ähli çäklerden geçendigini” aýtdy.

Şu hepdäniň başynda Orsýetiň kanun çykaryjylary pikir soraýyşyň watançylyga ters gelýändigini bellediler. Pikir soraýyşyň gidýän wagtynda Orsýetiň kabel telekanallarynyň görkezilmegini üpjün edýän operatorlaryň ençemesi “Dožd” telekanalyny görkezmegi bes etdiler. Putin barada tankydy maglumatlary bermek bilen tanalýan “Dožd” telekanalynyň işgärleri özlerine garşy hereketleri syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG