Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

St.Peterburg: Özbek raýatlaryna iş kesildi


Özbegistanly üç migrant işçi Sankt Peterburgda orsýetli futbol janköýerini urup öldürmek sebäpli türme tussaglygyna höküm edildi. Çarşenbe güni Sankt Peterburgyň sudy 2011-nji ýylyň oktýabr aýynda Roman Lowçikowyň alan ýaralaryndan heläk bolmagynda üç özbegistanlyny günäli tapdy.

32 ýaşly Mamur Kudratow we 33 ýaşly Nizom Razikow hersi üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildiler. 41 ýaşly Ikram Rozikow bolsa berk şertli türmede alty ýyl tussaglyga höküm edildi.

Türmä höküm edilenler özlerine ýöňkelýän günäni ret edýärler. Özbegistanlylar özleriniň heläk bolan Lowçikowyň we ýene birnäçe adamyň hüjümine sezewar edilip, goranmaga mejbur bolandyklaryny aýdýarlar. Sud bu konfliktiň etnikara ýigrenç duýgulary bilen baly bolmagynyň ähtimaldygyny ret edýär.
XS
SM
MD
LG