Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Üç migrant öli tapyldy


Orsýetiň Moskwa regionynda asylyp ölen üç migrant tapyldy.

Moskwanyň regional polisiýasynyň aýtmagyna görä, penşenbe gije Oksino obasynda Özbegistanyň 20 ýaşly raýaty öli tapylypdyr. Şol gije Strokino obasynda ýerli ýaşaýjylar 23 ýaşly moldowaly işçi migranty öli tapypdyrlar.
Mundan öň çarşenbe güni Golitsyno şäherinde ukrainaly adam öli tapylypdy.

Bu adamlaryň ählisi asylyp ölüpdir. Polisiýa derňewleriň ilkinji netijelerine görä, olaryň ählisiniň özlerini asyp öldürendiginiň anyklanandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG