Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: Baş müfti geýler barada çykyş etdi


Gyrgyzystanyň Baş müftüsi wezipesini ýerine ýetirýän Maksat Hajji Toktomuşew bir jynsly adamlaryň arasynda seksual gatnaşyklary gadagan edýän karary çykardy we “Human Rights Watch” guramasynyň hasabatynda berilen maglumatlary ret etdi.

Gyrgyzystanyň Musulmanlarynyň baş müdirliginiň websaýtynda penşenbe güni çap bolan beýannamada Toktomuşew yslamyň bir jynsly adamlaryň arasynda seksual gatnaşyklary doly gadagan edýändigini aýdýar. Gyrgyzystanda gomoseksuallyga gadagançylyk 1998-nji ýylda ýatyrylypdy.

Adam hukuklaryny goraýjy “HRW” guramasynyň Gyrgyzystanyň polisiýasynyň gomoseksuallara basyş edýändigi barada ýaýradan hasabatyna jogap berip Toktomuşew gyrgyz häkimiýetlerini we parlamentini “sosial gapma-garşylygy tutaşdyrýan” käbir jemgyýetçilik guramalarynyň işine ünsi artdyrmaga çagyrdy.

“HRW” öz hasabatynda Gyrgyzystanyň polisiýasynyň geý we biseksual adamlary urup-ýenjendigi, gorkuzandygy, olardan pul talap edendigi we esassyz tussag edendigi barada habar berýär we gyrgzy häkimiýetlerini geý raýatlaryny guramaga çagyrýar.
XS
SM
MD
LG