Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Oppozisiýa amnistiýadan ýüz öwürýär


Oppozision liderler hökümete garşy çykyş edip tussag edilen protestçileri boşatmak barada kanundan ýüz öwürdiler. Kanunda protestçileriň eýelän häkimiýet jaýlaryny boşatmagyndan soň amnistiýanyň geçiriljekdigi aýdylýar.

Witali Kliçko bu kanunyň jemgyýetdäki dartgynlylygy gowşatmagyň deregine ony güýçlendirjekdigini aýtdy. Şeýle-de Kliçko kanunyň häkimiýetlere tussaglary “zamun” hökmünde saklamaga mümkinçilik döredýändigini belledi.

Köçelerde demonstrasiýa geçirýänler kanunyň talaba laýyk däldigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da prezident Wiktor Ýanukowiçiň administrasiýasynyň penşenbe güni aýtmagyna görä, protestçiler prezidentiň wezipesinden çekilmegini talap edýärkä ol dümewläp keselçilik sebäpli işden galypdyr. Onuň keselçiliginiň näçe wagtlap dowam etjekdigi barada aýdylmady.

Parlament Ýanukowiçiň “Regionlar partiýasynyň” goldamagynda amnistiýa baradaky kanuny çarşenbe güni kabul etdi. Oppozisiýa ses berişlige gatnaşmakdan ýüz öwürdi. Hökümete garşy çykyş edýän protestçiler Kiýewiň ençeme baş binalaryny, şol sanda şäheriň administrasiýasyny eýelediler.
XS
SM
MD
LG