Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Oppozisiýa günä geçişligi ret edýär


Ukrainada oppozisiýa wekilleri hökümetiň teklip eden kanunyny ret edýärler. 29-njy ýanwar, 2014 ý.
Ukrainada oppozisiýa wekilleri hökümetiň teklip eden kanunyny ret edýärler. 29-njy ýanwar, 2014 ý.
Ukrainada oppozisiýa wekilleri hökümete garşy protest çärelerine gatnaşanlygy üçin polisiýa gulluklary tarapyndan saklanan demonstrantlaryň günäleriniň geçilmegi boýunça hökümetiň teklip eden kanunyny ret edýärler.
Agzalýan kanunyň taslamasy çarşenbe güni prezident Wiktor Ýanukowiçe iberildi. Prezidentiň bu kanuna gol goýmak üçin 15 gün wagty bar.
Ýanukowiçiň edarasy bolsa prezidentiň näsaglyk rugsadyna çykandygyny, onuň birden temperaturasynyň galyp, dem alyş ýollarynda näsazlygyň ýüze çykandygy habar berdi. Prezidentiň haçan işe başlajakdygy barada takyk maglumat berilmedi.
Oppozisiýanyň lideri Witaliý Kliçko täze teklip edilýän kanunyň jemgyýetiň içindäki basyşy gowşatmagyň deregine ony galdyrjakdygyny aýtdy.
“Zadyň deregine olary çalyşýarlar”
Kliçko, hökümetiň täze teklip edilýän kanuna daýanyp polisiýa tarapyndan saklanan protestçileri “zamun” ýaly ulanjakdygyny we oppozisiýanyň eýelän binalary boşadylýança, protestçileriň tussag astynda galdyryljakdygyny duýduryp çykyş etdi: “Günä geçişlik barada teklip edilýän täze kanun güýje girýänçä, hiç kimiň ony berjaý etmäge hukugy ýok. Edil beýleki kanunlar ýaly, bu kanun hem halky gyzyklandyrmaýar. Teklip edilýän kanun, hamana, Somalidäki garakçylaryň kanunyna meňzeýär. Ol ýerde-de adamlary ilki “zamun” alýarlar, soňra-da bir zadyň deregine olary çalyşýarlar”.
Köçe demonstrantlary täze kanuny ret edip, onuň ylalaşyk üçin ýeterlik däldigine ünsi çekýärler.
Günä geçişlik baradaky täze kanun taslamasy çarşenbe güni parlamentde kabul edildi. Muny, esasan, Ýanukowiçiň partiýasy goldady. Parlamentdäki oppozisiýa wekilleri bolsa ses bermekden saklandylar.
Ýanukowiçiň hut özi çarşenbe güni, entek bu kanun parlamentden geçmänkä ol ýere bardy we ”Regionlar partiýasynyň” agzalary täze kanunyň teklibini doly goldamasalar, onda saýlawlaryň wagtynyň öňe süýşüriljekdigini duýdurdy.

Kanun kabul edilenden soň
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç
Penşenbe güni parlamentiň resmi web-sahypasynda neşir edilen kanunyň taslamasynyň tekstinde kanun kabul edilenden soňra 15 günüň dowamynda protestçileriň öz eýelän binalaryny terk etmekleri talap edilýär. Kanun kabul edilensoň, Kiýewdäki we Ukrainanyň beýleki şäherlerindäki administratiw binalary eýelän protestçiler dolandyryş nokatlaryny we Hruşýowskiý köçesini terk etmeli bolarlar. Ady agzalýan köçede geçen hepde hökümete garşy protestçiler bilen polisiýa gulluklarynyň arasynda dartgynly çaknyşyklar bolup geçipdi.
Protestçiler Kiýewde aýratyn ähmiýetli binalary basyp alýarlar. Şeýle-de olar Ukrainanyň paýtagtynyň orta gürpünde öz barrikadalaryny gurdular we iki aýdan bäri şol ýerde bolýarlar.
Teklip edilýän täze kanun taslamasy Ýanukowiçiň şu hepdäniň dowamynda “yza tesen” birnäçe beýleki çärelerinden diňe biridir. Sişenbe güni ol premýer-ministr Mikola Azarowyň işden gidýänligi baradaky arzasyna gol çekmäge razy boldy. Şeýle-de sişenbe güni hökümete garşy geçirilýän protestlere gatnaşýanlara basyşy kanunylaşdyrýan we iki hepde mundan ozal kabul edilen jedelli kanun ýatyryldy.
Hökümete garşy protestler
Ukrainada hökümete garşy geçirilýän protestler prezident Wiktor Ýanukowiçiň noýabr aýynda Ýewropa bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürensoň başlandy.
Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Kremliň Kiýewe bermegi wada eden 15 milliard dollarlyk kömeginiň nobatdaky bölegini duruzýandygyny we Moskwanyň Ukrainada täze hökümet döredilýänçä garaşjakdygyny aýtdy.
Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt özüniň Twitter sosial ulgamynda Ukrainadaky ýagdaýlar baradaky teswirinde “Bu habar Kremliň Ukraina garşy ýene-de ykdysady çäreler görjekdiginiň alamaty” diýip ýazdy.
Ukrainanyň goňşulary Çehiýa, Polşa, Wengriýa we Slowakiýa dartgynly ýagdaýlaryň mundan soň hem güýçlenip dowam etmegi Ukrainada “aňrybaş durnuksyzlygy” döreder diýdiler.
Birleşen Ştatlaryň Kongresi, eger-de Ukrainada dartgynly ýagdaý ýene-de dowam etse, onda Birleşen Ştatlaryň ukrain hökümetine we protestiň liderlerine garşy maddy sanksiýalary girizmegi planlaşdyrýandygyny duýdurdy.
XS
SM
MD
LG