Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew: Ýanukowiç oppozisiýany aýyplaýar


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç häkimiýetleriň ýurtda dowam edýän krizisden çykalga tapmak üçin öz borjuny doly ýerine ýetirendigini aýtdy we oppozisiýany dartgynlylygy güýçlendirmegi dowam etdirmekde aýyplady.

Ýanukowiç öz edarasynyň penşenbe güni ýaýradan beýannamasynda häkimiýetleriň ýalňyşlyklary goýberendigini boýun aldy we halkyň zerurlyklaryna hem isleglerine “has düşünjeli” garamagy wada berdi.

Ýanukowiçiň bu beýannamasy oppozision liderleriň protestçileri tussaglykdan boşatmak barada parlament tarapyndan kabul edilen gapma-garşylykly kanuny ret etmeginiň yzýany peýda boldy.
XS
SM
MD
LG