Sepleriň elýeterliligi

Bakuda ýene bir adam özüni otlady


Azerbaýjanda ýene bir adam özüni oda berdi. Ýurtda şeýle wakalar bir aýyň dowamynda dördünji sapar bolýär. Penşenbe güni Bakuda üstüne benzin sepip özüni otlan 21 ýaşly zenan agyr ýagdaýda galýar. Onuň bedeniniň 75%-ti ýanypdyr. Onuň bu hereketiniň sebäpleri belli däl.

Bu waka 1990-njy ýyllarda Daglyk Garabag regionynda bolan urşuň weterany ýerli häkimiýetleriň hereketlerine protest hökmünde paýtagtyň Barda etrabynda özüni oda bermeginden iki gün geçensoň ýüze çykdy. Şol adam hem keselhanada galýar.

Ýene bir adam ýanwar aýynyň başynda merkezi Ýewlaks etrabynda belli bolmadyk sebäplere görä özüni otlady emma aman galdy.

Geçen aýda Daglyk Garabag urşunyň ýene bir weteranynyň Bakuda özüni otlap heläk bolmagy jemgyýetde protest döretdi. Uruş weterany häkimiýetler tarapyndan edilen adalatsyzlyga protest bildiripdi.
XS
SM
MD
LG