Sepleriň elýeterliligi

Daşkent: Aktiwistlere garşy çäre görüldi


Özbegistanyň sudy Ukrainanyň Daşkentdäki ilçihanasynyň öňünde geçirilen protest çykyşyna gatnaşan üç aktiwisti 15 günlük tussaglyga höküm etdi we ýene birnäçe aktiwiste jerime saldy. Sekiz sany aktiwist şol sanda özbegistanly meşhur fotograf zenan Umida Ahmedowa we onuň ogly çarşenbe güni tussag edildiler.

Ahmedowanyň adamsy Oleg Karpowyň penşenbe güni aýtmagyna görä, onuň aýalyna, ogluna we ýene iki aktiwiste 900 we 1350 amerikan dollaryna barabar jerime salynypdyr. Karpow ýene üç aktiwistiň, şol sanda Ukrainanyň raýaty Artýom Lýudniýiň 15 günlük tussaglyga höküm edilendigini aýtdy. Ýene bir aktiwist suddan öňki tussaglykda saklanýar.

Aktiwistler duşenbe güni Ukrainanyň Daşkentdäki ilçihanasynyň öňünde Ukrainada hökümete garşy protestçilere görkezilýän zorluklara garşy aksiýa geçirdiler.
XS
SM
MD
LG