Sepleriň elýeterliligi

Duralgalaryň atlary ýalňyş


Oguzhan köçesindäki Lomaý söwda bazaryň golaýynda goýlan bu awtobus marşrutynyň shemasy Arçabil şaýolunda bolmaly. Ondaky Konstitusiýa binasy Arçabil şaýolunda ýerleşýär.

Oguzhan köçesindäki Lomaý söwda bazaryň golaýynda goýlan bu awtobus marşrutynyň shemasy Arçabil şaýolunda bolmaly. Ondaky Konstitusiýa binasy Arçabil şaýolunda ýerleşýär.

Aşgabadyň käbir duralgalarynda, esasanam Andalyp we Oguzhan ýaly köçeleriniň ugrunda ýerleşýän käbir duralgalaryň atlary ýalňyş we şol duralgalarda goýlan gatnaw tertibi, agzalýan duralgalara däl, eýsem şäheriň beýleki böleklerindäki duralgalara degişli.
Oguz han köçesinde goýlan bu duralgadaky shema hem Arçabil şaýolunda ýerleşýän Daşary işler ministrliginiň golaýynda bolmaly.

Oguz han köçesinde goýlan bu duralgadaky shema hem Arçabil şaýolunda ýerleşýän Daşary işler ministrliginiň golaýynda bolmaly.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurbanyň aýtmagyna görä, hatda käbir duralgalardan nomeri görkezilen awtobus marşrutlary indi ep-esli wagtdan bäri asla geçmeýär, bu hem ýolagçylaryň esasanam, şäheriň daşyndan gelen ilatyň kellesini bulaşdyrýar.
Şeýlede bu ýagdaýyň indi käbir köçelerde soňky ýedi-sekiz aýdan bäri dowam edýändigi aýdylýar. Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabatdaky habarçysy Myrat Gurban bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

XS
SM
MD
LG