Sepleriň elýeterliligi

Bu bir gije jaýyň üçegindäki şiferleriň gaçmasyndan başlandy. Dmitriý Abžanyň jaýy birnäçe günde ýuwaşjadan bagryny ýere berdi. Bu iş Soçide 7-nji fewralda başlanmaly Gyşky Olimpiada taýýarlyklaryň çäginde, ýük maşynlarynyň olaryň ýaşaýan köçesiniň ýokarsyna bikanun hapa-hupa dökmesinden dörän toprak süýşmesi bilen bagly.
Sud Abžana kompensasiýa, öwez puluny tölemeli etdi, emma bu karar ýerine ýetirilmedi. Netijede, ol öz gol doly maşgalasy bilen ýarym haraba, käte çaýkanyp duran jaýda mydar etmeli boldy.
Ýigrimi ýedi ýaşyndaky Abžan öz düşen ýagdaýyna gülüp, munuň kosmos giňişliginde ýaşan ýalydygyny, öz şikaýatlarynyň häkimiýetler tarapyndan jogapsyz galdyrlandygyny aýdýar: “Ol ýerden hiç bir gymyldy-hereket bolmady. Biz näme etjegimizi, kime ýüz tutjagymyzy we mundan eýläk näme edip biljegimizi bilmeýäris. Çagalarymyz ulalyp barýar, bir zatlaryň bolmagy gerek. Emma biz, şu ýerde doglan we önüp-ösen adamlar, hakykatda öý-öwzarsyz galdyk.”
Toprak süýşmesi netijesinde dörän ýagdaý

Toprak süýşmesi netijesinde dörän ýagdaý

Soçiniň Olimpia şäherçesiniň ýollarynyň ters tarapyna hoş geldiňiz. Bu Oýunlara taýýarlyk 51 milliard amerikan dollaryna barabar bolup, rekord derejä çykdy. Emma lowurdap duran stadionlaryň, lyžaçylar üçin asma liftleriň gurulmagyndan başga, Soçiniň döwrebaplaşdyrylmagy soňky ýyllarda Abžan ýaly ýüzlerçe ýaşaýjynyň durmuş-ýaşaýyşyny sözüň doly manysynda agdar-düňder etdi.
Soçiniň utujylary bilen utulanlarynyň arasyndaky aýylganç tapawut hususan-da deňiz kenary bilen Krasnaýa Polýana lyža kurortyny birikdirýän ýoluň ýakasyndan gowy görünýär. Bu Olimpiýa çäreleriniň köpüsiniň geçjek ýeri.
Elli kilometre uzaýan awtomobil we demir ýoluny gurmak 8 milliard amerikan dollaryna düşdi. "Esquire" žurnalynyň rus dilindäki neşiri bu baha, şunça pula ol ýoly gymmatbaha “Louis Vuitton» el sumkalary, işbil we foe gra bilen düşäp boljagyny ýazdy.
Toprak süýmesinden soňra Abžanyň öýüniň zemininde dörän jaýryklar

Toprak süýmesinden soňra Abžanyň öýüniň zemininde dörän jaýryklar

Oýunlara taýýarlyk görlüp başlanan güni Akştyr obasynyň iki kilometrligindäki ýoldan goýy ak tozan asmana galmaga başlady. Guýular gurady. Ol ýerde gaz ýok. Ýaşaýjylar öz ösdürip ýetişdiren hurmalaryny satyp bilmeýärler, sebäbi olar ak sement tozanynyň astynda, çalaryp bişýär.
Mundanam beteri, Krasnaýa Polýana barýan ýol Akştyry Soçiniň günortasyndaky Adler etrabyna barýan jemgyýetçilik transport ýolundan hem kesdi. Häkimiýetler täze gurlan uly ýola baglaýan aralyk ýoly, ýerli ilatyň aýtmagyna görä, wada beren hem bolsalar, asla gurmadylar.
Abžar ýük maşynlaryň bikanun hapa-hupa dökýän ýerini görkezýär.

Abžar ýük maşynlaryň bikanun hapa-hupa dökýän ýerini görkezýär.

Bu 65 ýaşyndaky Wiktor Kolenin ýaly pensionerler üçin uly alada, ol 1986-njy ýylda bolan Çernobyl ýadro betbagtçylygyndan soň, öz işi zerarly maýyp bolan adam. Ol hassahana barmagy, gurluşykdan göterilýän tot-tozandan öýkenini goramagy uly gaýgy edýär.
53 ýaşyndaky Ýelena Runowiç bolsa, gurluşyk gidýän ýerleriň içinden we uly ýollaryň üstünden geçip, agtygyny mekdebe gatnatmak üçin işläp ýören işini taşlamaly bolupdyr.
Soçiniň kartasy

Soçiniň kartasy

Kolenin, Runowiç we beýlekiler golaýda Akştyr obasynda, uly ýoluň gyrasynda ýerleşýän köne guýynyň ýanyna üýşüp, Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna özleriniň Olimpiýa oýunlary bilen bagly taýýarlyklaryň öz obalaryna ýetiren täsiri barada gürrüň berdiler:
Runowiç: "Şeýle bir soragy berip görüň: Näme üçin birleri üçin hemme zat bar, beýlekiler üçin bolsa hiç zat ýok?"
Kolenin: "Bu tutuş Soçi boýunça alnanda Adler sebitinde iň arassa obady. Olar muny zir-zibil atylýan ýere öwürdiler. Adminstrasiýa muny gaty gowy bilýär, emma hiç baş galdyrmaýar."
Abžanyň ýaşaýan Baku köçesinde köp adam ýerli häkimiýetleri günäleýär. Abžanyň duldegşir goňşusy, 85 ýaşyndaky Polina Kalaýžan ýuwaşlyk bilen çöküp gelýän jaýda ýaşaýar. Ol bu jaýda dokuz garyndaşy, şol sanda 89 ýaşyndaky adamsy bilen ýaşaýar. Olara hem kompensasiýa berilmeli edilen, emma ony berýän ýok.
Polina Kalaýžan

Polina Kalaýžan

Polina Kalaýžan bu barada Azatlyk radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Biz [Wladimir] Putine ýazdyk, [Dmitriý] Medwedewe ýazdyk, Krasnodar [adminstrasiýasyna] ýazdyk, ähli ýere ýazdyk. Olar bu iş bilen ýerli häkimiýetler meşgul bolmaly diýip jogap berýärler. Emma ýerli häkimiýetler muňa üns bermeýär. Olar biz size kömek edip bilemzok diýýärler."
Polina Kalaýžan

Polina Kalaýžan

Şäherde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar yzygiderli elektrik kesilmeleri bilen utgaşyp, köplenç özleriniň planlaşdyrylan möhletinden has uzaga çekdi.
Blogger Olga Agalakowa Soçide indi Aý hem täze, has möhüm ähmiýete eýe boldy diýip ýazdy: “Ol diňe bir Aý däl, ol biziň Izmaýlowskimizde we Semýonowskimizde esasy ýagtylyk çeşmesi bolup durýar! Indi bu ýerde on iki sagatlap ýa ondanam kän wagt toguň kesilýänine iki aý boldy. Käte çyra iki günläp bolmaýar.”
Käbirleri Olmpiada oýunlaryndan soň elektrik togunyň kadalylygy dikeldiler, tot-tozan sowlar diýip umyt edýär.
Emma Abžan ýaly maddy ýitgi çeken adamlar öz düşen ýagdaýlarynyň düýpden unudylmagyndan gorkýar: “Biz bu ýere iki günlük gelmedik, şu ýerde doguldyk, kemala geldik, diňe biz däl, ata-babalarymyz hem şu ýerli. Emma ahyr netijede biz öý-öwzarsyz galýarys we muňa näme alaç etjegimizi bilmeýäris. Bu biziň günämiz esasynda bolan zadam däl. Biz Olimpiadanyň geçmegine şat, ýol gurdular, hemme zat etdiler. Emma ýerli ilaty ynjytmasalar gowy. Eger adamlaryň nämedir bir zadyny alan bolsaňyz, ýerine bir zat beriň. Olar geldiler, ýykdylar-ýumurdylar, ýerli ilaty jaýsyz goýdular we Olimpiada geçirip, bar zady ýatdan çykardylar.”
XS
SM
MD
LG