Sepleriň elýeterliligi

ABŞ himiki ýaraglardan alada bildirýär


Goranmak sekretary Çak Heýgel Birleşen Ştatlaryň Siriýanyň himiki ýarag materiallarynyň ýok edilmek üçin tabşyrylmagynyň gijikdirilmeginden alada galýandygyny aýtdy.

Heýgel Polşa sapary mahalynda çykyp gürläp, bu gijikmäniň iş bilmezlik sebäpli ýa-da başga sebäpler esasynda bolandygy anyk däl diýdi. Heýgel bu mesele barada Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen hem maslahat edendigini aýtdy.

Siriýanyň hökümeti iň howply himiki ýarag materiallaryny 31-nji dekabra çenli ýurtdan çykarmagy wada beripdi. Emma bu wada ýerine ýetirilmedi.
XS
SM
MD
LG