Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç: Häkimiýetler öz işini etdi


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç häkimiýetleriň ýurtdaky krizisi çözmek boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirendiklerini aýtdy we oppozisiýany dartgynlyklary güýçlendirmegi dowam etdirmekde aýyplady.

Ýanukowiç penşenbe güni öz edarasy tarapyndan çap edilen beýanatda häkimiýetleriň ýalňyşlyk edendigini boýun aldy. Ol adamlaryň isleg-arzuwlaryna düşünmek meselesinde has eserdeň bolmagy wada berdi.

Bu beýanat oppozisiýa dolandyryjy partiýa tarapyndan parlamente hödürlenen şertli günä geçiş kanunynyň taslamasyny ret edenden soň ýaýradyldy.

Penşenbe güni Ýanukowiçiň ýarawsyzlygy sebäpli, gowulanýança işe çykmajagy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG