Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokurorlar Sarnaýewe ölüm jezasyny sorar


Birleşen Ştatlaryň federal prokurorlary, Boston marofonyndaky partlamalarda günäli tapylan ýagdaýynda, Johar Sarnaýewe ölüm jezasynyň berilmegini sorajakdyklaryny aýdýarlar.

Birleşen Ştatlaryň baş prokurory Erik Holder penşenbe güni prokurorlara, 2013-nji ýylyň 15-nji aprelinde oýnady diýilýän roly üçin, Sarnaýewe ölüm jezasyny soramaga ygtyýar berdi. Şonda bolan partlamalarda üç adam öldürilip, 264 adam ýaralanypdy.

Bu 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndan bäri Birleşen Ştatlarda bolan iň belli terror hüjümi bolupdy.
XS
SM
MD
LG