Sepleriň elýeterliligi

Nemsow aýyplamalaryny gaýtalaýar


Orsýetiň premýer-ministriniň ozalky orunbsary, oppozisioner Boris Nemsow Soçide geçiriljek Olimpia oýunlary bilen bagly uly korrupsiýa ýol berlendigi barada öňki aýdan zatlaryny gaýtalady.

Nemsow penşenbe güni Waşingtonda eden çykyşynda Olimpiýa oýunlary üçin goýberilen serişdelerden 30 milliard dollara çenli puluň ogurlanandygyny aýtdy. Ol bu serişdeleriň resmiler we biznes başlyklary tarapyndan ogurlanandygyny aýtdy.

Nemsow özüniň aktiwist Leonid Martynýuk bilen bilelikde taýýarlan hasabaty bilen tanyşdyrdy. Ozal maýda çap edilen hasabat iňlis diline terjime edilip, internetde ýerleşdirildi.

Hasabatyň awtorlary proektleriň başky bahalary bilen ahyrky bahalarynyň arasyndaky tapawudy, şeýle-de harçlanan serişdeleri başga şäherlerde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň harajady bilen deňeşdirmek arkaly netije çykarandyklaryny aýdýarlar.

Şeýle-de bu hasabat Gyşky Olimpiadanyň Orsýetiň iň maýyl ýerinde geçirilmegini sorag astyna alýar.
XS
SM
MD
LG