Sepleriň elýeterliligi

Mýunhen maslahaty başlanýar


20 çemesi döwlet we hökümet ýolbaşçysy, onlarça daşary we goranmak ministri bilen, Mýunhende toplanyp, 50-nji Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasyna başladylar.

Üç günlük maslahatda Siriýadaky raýat urşy, Ukrainadaky syýasy krizis, Eýranyň ýadro programmasy barada maslahat edilmeli. Orsýetden bu maslahata daşary işler ministri Sergeý Lawrow wekilçilik etse, amerikan delegasiýasyna döwlet sekretary Jon Kerri, goranmak sekretary Çak Heýgel dagy ýolbaşçylyk edýär. Eýrandan oňa daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif gatnaşýar.

Şeýle-de bu konferensiýa BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun, ÝB-niň daşary syýasat ýolbaşçysy Ketrin Aşton, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Herman Wan Rompou, NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen we Siriýa boýunça halkara araçysy Lakdar Brahimi gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG