Sepleriň elýeterliligi

Ženewa gepleşikleri netije bermeýär


Siriýanyň uruşýan taraplary anna güni ilkinji tapgyr parahatçylyk gepleşiklerini soňlaýar.

Bu gepleşikler syýasy geçiş, zorlukly hereketleri soňlamak, ýa-da ynsanperwerçilik kömeklerini eltip başlamak baradaky anyk progrese getirmez öýdülýär.

Prezident Başar al-Assadyň režiminiň wekilleri bilen oppozisiýadaky Milli geňeş penşenbe güni bu konflikte kimiň jogapkärdigi barada jedelleşdi.

Halkara araçysy Lakdar Brahimi anna güni boljak gepleşikleriň öňünden žurnalistlere iki tarapyň hem terrorçylygyň Siriýanyň içindäki örän çynlakaý problemadygy bilen ylalaşandygyny, emma ondan nädip dynmalydygy barada bir pikire gelip bilmändiklerini aýtdy.
XS
SM
MD
LG