Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gynanç gadaganlygyny näme saklaýar?


Golaýda dünýäsini täzelän raýat aktiwisti Sazak Durdymyrdow
Golaýda dünýäsini täzelän raýat aktiwisti Sazak Durdymyrdow
Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda aradan çykan tanymal şahslar, ýönekeý raýatlar barada metbugatda habar bermek, gynanç çap etmek doly diýen ýaly gadagan edildi.

Bu hili habarlar jemgyýetçiligiň dünýeden öten ynsan baradaky habary wagtynda eşitmegine we bir zaman il derdine ýaran sylagly adamlaryň soňky ýoluna uly hormat bilen ugradylmagyna, ilat arasyndaky jebisligiň, sylanyşygyň güýçlenmegine hem ýardam berýärdi diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan diňleýjiler aýdýarlar.

Türkmen metbugatynda ajy habarlaryň we merhumlaryň suratlarynyň çap edilmegine girizilen gadaganlyk öňki prezidentiň şahsyýet kulty bilen düşündirilýär. Emma ýurtda häkimiýet çalşandan soň öňki prezidentiň bir topar syýasaty ýatyryldy.

Eýsem Türkmenistandaky gynanç gadaganlygyny näme saklaýar? Bu gadaganlyk kime we näme üçin gerek bolup biler?

Ýa-da bu gadaganlygy ýatyrmaga, aradan çykan sylagly adamlar barada gynanç habaryny çap etmäge, olar barada ýatlama makalalaryny çap etmek, gepleşik taýýarlamak we efire bermek medeniýetini dikeltmäge wagt ýetdimi?

Bu barada kim näme pikir edýär? Pikirleriňize garaşýarys.
XS
SM
MD
LG