Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Rahat Alyýewi derňemeli


Gazak prokurory, ýokary derejeli sud seljerişliginiň gaýtadan açylmagy bilen, sülçilerden prezident N.Nazarbaýewiň öňki giýewisi Rahat Alyýewiň we Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň ozalky başlygy Alnur Musawiň adam öldürilmegini buýurmak bilen ilteşigini derňemegi talap etdi.

Şeýle-de prokuror, anna güni bolan diňlenişikde Gazagystanyň parlament diwanynyň öňki başlygy Ýeržan Otembaýewe 15 ýyl türme tussaglygyny bermegi sorady. Ol adam öldürmek bilen bagly işde araçylyk roluny ýerine ýetirmekde aýyplanýar.

Gazak oppozisiýa lideri Altynbek Sarsenbaýuly we onuň iki ýoldaşy 2006-njy ýylda, Almatynyň golaýynda atylyp öldürildi.

Otembaýew bu işi buýran adam hökmünde 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Onuň gaýtadan sud edilmegi şu aý, gazak häkimiýetleri dekabrda täze tapylan subutnamalar Alyýewi salgy berýär diýeninden soň başlandy.

Alyýew 2007-nji ýyldan bäri Ýewropada ýaşaýar, Musaýewiň nirededigi belli däl.
XS
SM
MD
LG