Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zeman: "Osmanlylar gyrgyn etdi"


Çehiýanyň prezidenti Milos Zeman Osmanlylar döwründe Türkiýede ýaşaýan etniki ermenileriň köpçülikleýin öldürilmegini «gyrgyn» diýip atlandyrdy.

Zeman bu sözleri penşenbe güni Pragada Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan bilen bolan duşuşygy mahalynda aýtdy.

Çeh Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň we NATO-nyň agzasy bolup durýar, emma gürrüňi edilýän köpçülikleýin adam öldürmegi «gyrgyn» hökmünde resmi taýdan ykrar eden 23 ýurduň arasynda ýok.

Osman imperiýasynyň häzirki zaman mirasdüşeri Türkiýe gyrgyn aýyplamalaryna berk garşy çykýar.

Ermenistan bilen Türkiýäniň arasynda resmi diplomatiýa gatnaşyklary ýok.
XS
SM
MD
LG