Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minsk: Saýlaw baradaky film


Minskide 2010-njy ýylda bolan dawaly prezident saýlawy baradaky filmi surata düşürip başladylar. Bu saýlaw awtoritar prezident Aleksandr Lukaşenkonyň häkimiýetde galmagyny üpjün edipdi.

«Abel» diýlip, injil aňlatmasy bilen atlandyrylan film Medeniýet ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilýär. Penşenbe güni kameralaryň öňünde Garaşsyzlyk meýdançasynda hökümete garşy guralan protestleriň surata düşüriliş sahnalary guraldy.

Aýdylmagyna görä, bu filmde Lukaşenkonyň dördünji möhlete prezident saýlanmagy bilen bagly dörän konfliktiň hersi bir tarapynda bolan iki dogan hakynda gürrüň berilmeli.

2010-njy ýylyň dekabrynda, prezident saýlawlarynyň galplaşdyrlmagy bilen bagly turan gozgalaň mahalynda prezident Lukaşenko bilen bäsleşige çykan birnäçe kanditdat we ýüzlerçe protestçi tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG