Sepleriň elýeterliligi

Muşarraf daşary ýurda goýberilmeýär


Sud Pakistanyň ozalky harby dolandyryjysy, dönüklikde aýyplanyp sud edilýän Perwez Muşarrafyň daşary ýurtda saglygyna seretdirmegine rugsat bermedi.

Sud anna güni Muşarrafyň syýahat etmegine girizilen gadaganlygy ýatyryp bilmejegini aýtdy. Şeýle-de sud Muşarrafyň tussag edilmegi we 7-nji fewralda boljak seljerişlige getirilmegi barada karar çykardy.

Muşarraf 2007-nji ýylda, prezident wagtynda adatdan daşary ýagdaýy girizendigi üçin dönüklikde aýyplanýar. Eger bu aýyplama boýunça günäli tapylsa, oňa ölüm jezasynyň berilmegi mümkin.

Ol 1999-2008-nji ýyllar aralygynda ýurdy dolandyran ýyllaryna degişli başga jenaýatlarda, şol sanda öňki premýer-ministr Benazir Bhuttanyň ölümine ilteşiklilikde hem aýyplanýar.

Muşarraf 2-nji ýanwarda ýörite dönüklik tribunalyna getirilýän wagty ýaraman, harby hassahana ýerleşdirildi.
XS
SM
MD
LG