Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: 4 ofiser öldürildi


Owgan resmileri Kandahar welaýatynda ýol ýakasynda gömlen bombanyň polisiýanyň maşynyny urandygyny we dört ofiseri öldürendigini aýtdylar.

Welaýatyň ýokary derejeli hökümet resmisi Parwez Najib Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna partlamanyň anna güni agşam, Pakistan araçäginiň golaýynda ýerleşýän Spin Boldak etrabynda bolandygyny aýtdy.

Ol bu hüjümde ýene bir ofiseriň ýaradar bolandygyny hem sözüne goşdy. Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG