Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ruhnama" döwrüniň talyplarynyň tejribeleri


Türkiýede okaýan türkmen ýaşlary
Türkiýede okaýan türkmen ýaşlary
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda bilim pudagyny öz içine alýan dürli özgerişiklikler bolup geçdi. Häzirki döwürde onuň netijesi dürli ýagdaýlarda ýüze çykýar. Oňa esasanam ýokary okuwyny dowam etdirmek üçin daşary ýurtlara çykan talyplaryň durmuşynda we başdan geçirmelerinde göz ýetirmek mümkin.

"Dünýä türkmenleri" gepleşigimiziň bu günki tapgyrynyň esasy temasy “Ruhnama" döwrüniň talyplarynyň daşary ýurtlarda okuwa girmek hemem okamak tejribeleri bilen bagly.

Şeýle-de, gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň bilim pudagyna daşary ýurtlylaryň garaýyşlary hemem owganystanly türkmenleriň öz ene dillerinde bilim almak mümkinçilikleri we kynçylyklary hakda gürrüň edilýär.

Geplşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň. Şeyle-de, programmada öňe sürlen pikirler hakdaky garaýyşlaryňyz hemem bilim pudagy boýunca öz başdan geçirmeleriňiz hakda gürrüň berseňiz, hoşal bolarys.

XS
SM
MD
LG