Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda saýlaw kampaniýasy başlanýar


Owganystanda ýekşenbe güni resmi taýdan prezident saýlawlarynyň kampaniýasy başlanýar. 5-nji aprelde geçjek prezident saýlawlarynda Hamid Karzaýyň ornuna prezident bolmak üçin on bir kandidat bäsleşer.

Karzaý Owganystana 2001-nji ýylda amerikan ýolbaşçylygyndaky güýçler «Talybany» häkimiýetden agdaraly bäri ýolbaşçylyk edýär.

Ýurduň konstitusiýasy onuň üçünji möhlete prezident bolmagyna ýol bermeýär. 11 adamyň prezidentlik ugrundaky bäsleşige çykmagy bilen, häzir olaryň haýsysynyň has öňe saýlanjagy belli däl.

Has dogrusy, hiç bir kandidatyň sesleriň köplügini alyp, birinji ses berişlikde prezident bolmagyna garaşylmaýar.
XS
SM
MD
LG